Arkadag şäheri – bagtyň we
bagtyýarlygyň, ösüş-özgerişleriň, täzelikleriň şäheri. Ynsan göwünlerini birleşdirýän
bu ajaýyp şäherde bu günki gün dünýä halklary jemlendi. Ýürekler birleşdi.
Türkmenistan döwletimizde täze dörän Arkadag şäheriniň at-owazasy Ýer ýüzüne
ýaň saldy. Gürrüň 14-nji we 15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen
«Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly barada barýar.
Medeni diplomatiýanyň taryhyna
ýazylan bu uly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino
işgärleri ýurdumyza geldiler. Olardan «Taksi», «Asteriks we Obeliks:
«Kleopatranyň» missiýasy» ýaly filmlerindäki döreden keşpleri bilen kinosöýüjileriň
aňynda galan fransuz teatr we kino aktýory Eduar Montut, «Ajaýyp asyr», «Saýrak
guş», «Gara söýgi» teleseriallarynyň gahrymany meşhur türk aktýory Burak
Özçiwit ýaly ençeme ussatlary aýtmak bolar. Dünýä döwletleriniň artistleriniň köpüsi
Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýär. Arkadag şäherinde ilkinji gezek
geçirilýän halkara film festiwalyna gatnaşmak olar üçin uly hormatdyr. Bu döredijilik
saparynyň dowamynda myhmanlar ýurdumyzyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen
tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Merkezi
Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara
kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly: «Häzirki wagtda
biz ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen
milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine,
türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara
gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa
döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara
kinofestiwalyň esasy maksady bolsa kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy
kämilleşdirmekden we ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini Arkadag şäheri bilen
tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu halkara çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle
hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe
Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, kino
aktýorlarynyň we kino bilermenleriniň gatnaşmaklary has-da buýsançlydyr».
«Arkadagyň säheri» halkara film
festiwalynyň açylyş dabarasy, adatça, kino we teatr sungat işgärleriniň gyzyl
halydan geçmegi bilen başlandy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, fotohabarçylar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary we
myhmanlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň kino işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar
gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanylan
wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi. Teatra
tarap uzalyp gidýän gyzyl ýoda boýunça ilkinji bolup ýurdumyzyň kino işgärleri,
ýagny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl
kürte», «Wada», «Daragt», «Ýaşlar», «Kämillige ýol» atly filmleriniň
döredijilik toparlary, soňra bolsa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň,
Özbegistanyň, Azerbaýjanyň döredijilik toparlary geçdiler. Olaryň hatarynda,
Özbegistanyň Kinematografiýa baradaky milli agentliginiň režissýory Dilşodbek
Usmanow, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena
Norkunaýte, şeýle hem film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, «Bozdag Film»
kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, kino ýyldyzlary – Burak
Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu, Fransiýa
Respublikasynyň «Monde et Media» kompaniýasynyň artisti Eduard Montoute hem-de
prodýuseri Jean-Mariýa Laronze bar.
Kino festiwaly ýörite düzülen maksatnama
esasynda alnyp baryldy. Film forumynda birnäçe filmleriň ilkinji görkezilişi
boldy we döredijilik ýygnaklary hem-de çykyşlar guraldy. Şu gün – 15-nji
oktýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Köneürgenç» we «Paýtagt Merw:
beýik Seljuklaryň yzlary» taryhy filmleriniň görkezilişiniň bolandygy bu
sözlerimizi tassyk edýär. Mundan başga-da, film festiwalynyň maksatnamasyna
görä, Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy
teleserialyň tanyşdyrylyşy boldy. Maglumat hökmünde ýatlap geçsek, bu teleserialyň dürli möwsümleri surata
düşürilende, ýurdumyzyň wekilleri – garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça
türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň
ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrypdylar.
Medeni çäräniň myhmanlary
ýurdumyzda şeýle kinofestiwallaryň geçirilmeginiň, tomaşaçylaryň film
eserlerine bolan ýokary gyzyklanmasyny görkezendigini we goňşy döwletleriň kino
işgärleri bilen özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredendigini nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, şu gezekki festiwal umumy medeni giňişligi dünýä derejesinde
baýlaşdyrmaga ajaýyp şertleri döretdi.