Düýn – 17-nji martda
paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üstüne ýetiren Magtymguly
şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina – işewürlik merkezli we ýerasty
awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy.
Täze toplum
işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek
söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Bina edilen birnäçe
desganyň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik keşbinde ýerine
ýetirilipdir.
Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Toplumyň çäginde ýerleşýän söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.
«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezini ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soňra, agzaçar sadakasy berildi we onda türkmen topragynda hemişe abadançylygyň höküm sürmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler dileg edildi.