milli goshun logo
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri
24.04.2024 380 Habarlar

17 – 21-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagynda medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.

Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti doganlyk ýurduň paýtagtyna saparynyň ilkinji gününde Türkiýäniň Saz we şekillendiriş sungaty uniwersiteti bilen tanyşdylar. 19-njy aprelde ir säher bilen Ankara şäherindäki «Türkmenistan» medeni-dynç alyş seýilgähi baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Seýilgähiň merkezinde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül çemenleri goýuldy. TÜRKSOÝ-nyň ştab-kwartirasynda guralan ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi-de köp adamly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda dünýä siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan gadymy topragyň aýratynlyklary, onuň öwrenilişi, ylymdaky orny barada giňişleýin söhbet edildi.

TÜRKSOÝ, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet hem-de doganlyk döwletiň Medeniýet we syýahatçylyk ministrlikleri tarapyndan bilelikde guralan «Türki dünýäniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy» atly konsertde türkmen sungatynyň parlak ýyldyzlary türkiýeli muşdaklara Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdym-sazlardan, folklor eserlerinden ybarat çykyşlar çemenini sowgat etdi.