milli goshun logo
Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
3 gün öň 46 Habarlar

 Şenbe güni – 16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Konsertde türki halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Türkmen sungatynyň köpdürlüligini şöhlelendirýän çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi wasp edildi.

Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, şeýle hem «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.