Şenbe güni – 6-njy iýulda
paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza sapar
bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň
arasynda gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli
myhmany myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp hem-de ýurdumyza
sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip,
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Türkmenistan bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekdäki şahsy tagallalary
üçin hoşallygyny beýan etdi.
Baş sekretar Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki uly üstünliklerini
kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz
parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýan
türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini
aýratyn belledi.
Geçirilen gepleşikler Türkmenistan
bilen Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn strategik dialogynyň dowam
etdirilýändigine şaýatlyk edýär.