23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Bedew batly öňe barýar, Arkadagly Türkmenistan!» atly çäre geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de şa serpaýyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Düýn milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
N.Rahymow mynasyp bolan sylag-serpaýlaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutanýerli zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň seýisleriniň mynasyp neslini ýetişdirmäge geljekde hem önjeýli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.