milli goshun logo
Ahalda çagyryş möwsümiň ýokary depgini
Ahalda çagyryş möwsümiň ýokary depgini
21.05.2019 1813 Harby özgertmeler

Şu günler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permanyna laýyklykda harby wekilliklerde gulluga çagyrylan raýatlaryň saglygyny barlaýyş çäreleri geçirilip, olaryň harby gullugyna ýaramlylygy kesgitlenýär.

Ahal welaýatynyň harby wekilligi şu gün köp adamly boldy. Çagyryş hatyny alan ýaş oglanlaryň birnäçesi saglyk barlagyndan geçirilip, dürli harby bölümlerine paýlanar. Geljekki Watan goragçylary özleri barada şeýle gürrüň berýärler.

«Men Filippinlerdäki Bagio uniwersitetini ýokary bahalar bilen tamamladym» diýip, harby gulluga çagyrylan Kasym Ataýew gürrüň berýär. «Kärim boýunça men – aragatnaşykçy, men şu hünärden alan tejribämi harby gullukda kämilleşdirmek isleýärin. Okan döwrümde men köp zatlar öwrenip ýetişdim. Okuwym bilen utgaşyklykda maňa gyzykly bolan programmirleme, web-dizaýn ýaly beýleki hünärleri hem öwrendim. Harby gullugymyň dowamynda men şu ugurlardan bilimimi, tejribämi has-da çuňlaşdyraryn we gullukda hünärim boýunça gazanyp biljek tejribäm geljekde maňa has kämil hünärmen bolmaga kömek eder».

Häzirkizaman milli goşunymyz aň taýdan kämil we ruhy taýdan baý Watan goragçylaryny özünde jemleýär. Olaryň gullukda özleşdiren ukyplary ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny has-da berkidýär.

«Milli goşun».