milli goshun logo
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy
11.12.2022 590 Habarlar

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan şekil taslamalary, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde merkeziň seýilgäh zolagy, onuň abadanlaşdyrylyşy we ekilen bag nahallarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Arkadagymyz bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň türkmen halkynyň milli baýramçylyk ýörelgelerine laýyklykda geçirilmelidigini, bu toýuň ýatda galyjy pursatlara we ähmiýetli wakalara beslenmelidigini belledi. Ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti boljak toý dabarasyna köp sanly myhmanlaryň gatnaşjakdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz onda ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň türkmen halkynyň belent ruhuna kybap derejede guralmalydygyna ünsi çekdi.