29.01.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy
Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy
21.01.2023 84 Habarlar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda sähetli günleriň birinde il içinde sylaglanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatyň baş metjidiniň düýbüni tutmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, beren ak patasyndan ugur alnyp, 20-nji ýanwarda sähetli anna gününde bu mukaddes işe girişildi.

Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly ýaşululary bilen birlikde ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri, medeniýet ulgamynyň wekilleri — döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Soňra hemmeler bu ýerden şu günki sogaply wakanyň hormatyna toý sadakasynyň beriljek ýerine — Ahal welaýatynyň Gökdepe metjidine ugradylar. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Şondan soňra toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Asylly däbe görä, bu ýere ýygnananlara milli tagamlar hödür edildi.