8-nji dekabrda
Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Kaka etrabynda «Dost gurluşyk,
söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze hassahana
ulanmaga berildi. Onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar
hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa,
fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar.
Täze binanyň
dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar
toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy.
Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen
tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Maddy-enjamlaýyn
we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň
işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de
hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär.