milli goshun logo
Açyklyk we özara düşünişmek — netijeli gatnaşyklaryň binýady
Açyklyk we özara düşünişmek — netijeli gatnaşyklaryň binýady
30.12.2022 297 Habarlar

29-njy dekabrdaTürkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Bu bolsa türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda özara haryt dolanyşygy yzygiderli ösýär. Soňky ýyllarda biz haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrdyk we elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmeýäris diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda ýangyç-energetika, himiýa, oba hojalygy, senagat, ulag we logistika ulgamlarynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.