29-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo
Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we
müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki
döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ony
diwersifikasiýalaşdyrmagyň we iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna
ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze
ugurlar boýunça ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri belledi. Hususan-da, koreýaly öňdebaryjy hünärmenleriň
täze şäherleriň gurluşygyny taslamalaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň oňyn
tejribesini, işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň geljegi
bellenildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde täze, döwrebap Arkadag şäheriniň
gurluşygynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Onuň gurluşygy «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmen
tarapynyň Koreýa Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa, energiýa
tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýany gaýtadan dikeltmegiň
çeşmeleri babatda gazanan tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmalary beýan
edildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan
Koreýa Respublikasyny özüniň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde
görýär we uzak möhletleýin, strategik esasda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şunda
koreý tarapynyň teklipleriniň öwrenilmegine zerur üns berilýär.