2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl
geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler
ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň
kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar
ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilelikdäki wezipeleri we ýeten üstünlikleri
barada pikir alyşmak, şeýle-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da
pugtalandyrmak üçin oňyn esas bolup durýandygyny bellediler. Duşuşyga
gatnaşyjylar şeýle hem Merkezi Aziýa we ABŞ üçin C5+1 formatyndaky sebit
derejesindäki diplomatik dialogy goldaýandyklaryny tassykladylar. Hususan-da,
howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer
meseleler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
görkezildi.
Türkmenistan hem ABŞ medeni we bilim
maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde
ygrarlydyklaryny tassykladylar we bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam
etdirmek üçin esas bolup hyzmat etjek bilim pudagyndaky özara düşünişmek
baradaky Ähtnama gol çekdiler.