Türkmenistanyň
Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek,
şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň
ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik
söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat
goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň
ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden,
ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we
raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.