16-njy ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadagyň paýhasy — Bitarap ýurduň berk binýady» atly dabara geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär.
Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2020-nji ýylyň «Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynda şu ýylyň şygarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapdy.
Parahatçylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söýgüsiniň we hormatynyň ýürekdendigini beýan eden «Ýaşa, eziz Arkadagym!» atly aýdym dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi.