Halklaryň
arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de
bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş
ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen
meşgullanmaga giňden çekmek we döwletimiziň olimpiýa hereketini ösdürmek,
ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn
esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty
ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol
Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly—10-njy marty
aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty
sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa
çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Karara laýyklykda bu çempionaty
geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen ylalaşyp, Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.