milli goshun logo
2018-nji ýylda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilen işler
2018-nji ýylda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilen işler
02.02.2019 771 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek dowam edýär. 2018-nji ýylda Milli lukmançylyk ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy täzeçil bejeriş-anyklaýyş usullaryny ornaşdyrmak, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, lukmançylyk ulgamyna sanly tehnologiýany, şol sanda elektron resmi dolanyşygyny we telelukmançylygy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler geçirildi.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň mukdarynyň ösüş depgini 140 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we alnan girdejiniň möçberi 119 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 122 göterime deň boldy.