Harby gulluk – diňe bir edermen Watan
goragçylaryny taýýarlaýan, bedeniňi we ruhuňy taplaýan türgenleşiklerden ybarat
däl. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde harby gullukçylaryň
doly dynç almaklary we boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler
döredilendir. Milli goşunymyzyň hataryny ýazky çagyryş möwsüminiň dowamynda
dolduran ýaş esgerler öz şahsy wagtlaryny nädip geçirýändikleri barada biziň
habarçymyza gürrüň berdiler.
Hatarçy Ismail Ilýasow:
– Harby gullugyň gün tertibi gaty özüne çekiji.
Biz gumanitar, fiziki, söweşjeň we nyzam taýýarlygyny geçýäris, tabşyryklary
ýerine ýetirýäris. Emma bu biziň gün tertibimiziň diňe bir bölegi. Gündelik
meýilnamamyza laýyklykda her gün bize azyndan iki sagat şahsy wagt berilýär –
gündizki we agşamky naharlardan soň. Ol wagty biz kitapdyr žurnallary okamak, saz gurallaryny çalmak bilen
geçirýäris. Meniň bilen gulluk edýän köp oglanlar örän zehinli. Olar bilen bilelikde
biz döredijilik agşamlary üçin täze pikirleri oýlap tapýarys. Şeýle agşamlarda
biz milli gahrymanlarymyzyň keşbini janlandyrýan sahnalary gurnaýarys, aýdym
aýdýarys.
«Milli goşun».