milli goshun logo
Zenan harby gullukçylara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Zenan harby gullukçylara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
07.03.2020 2570 Harby özgertmeler

8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän çärelerdir dabaralar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hem giň gerim alýar. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ählisinde aýdym-sazly dabaralar uly ruhubelentlige beslenýär.

Baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde hem ýaýbaňlandyryldy. Çäräniň dowamynda edilen çykyşlaryň her birinde zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyzyň mukaddes goragynda berk durup, il-ulusymyza ak ýürekden hyzmat edýändikleri nygtaldy.

Dabaraly çäräniň dowamy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan zenan harby gullukçylara 60 manat möçberinde pul sowgadynyň we ter gül çemenleriniň gowşurylmagy bilen utgaşdy. Munuň özi Watana wepaly, edermen, gaýratly harby zenanlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Şeýle çäreler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli garnizonlarynda, harby bölümlerinde, harby edaralarynda hem geçirildi. Bu çäreler ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormatyň özboluşly baýramçylyk beýanyna öwrüldi.

«Milli goşun».