Bäş müň ýyllyk
taryhly türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ary-namysy, maşgala ojagynyň
eýesi hasaplap, olara sarpa goýup gelipdir. Bu gün hem mukaddes Watanymyzda
zenanlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, sazlaşygyň, kämilligiň şuglasy hökmünde
görülýär. Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün ajaýyp zamanamyzda, bagtyýar
durmuşymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň zenanlara goýýan çäksiz hormaty,
ýurdumyzyň abraý-mertebesi türkmen topragynda bitirilýän beýik işler bilen
ganatlanýar.
Şu
nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hormatly
Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap edip, zenanlaryň
ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan
etdi. Bäsleşige gatnaşyjylar alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna
laýyklykda dürli ugurlar boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.
«Berkarar
döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen
ugur boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar ulgamynda alnyp barylýan giň
gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmet çekip, türkmen
zenanlarynyň dogumyny, güýç-gaýratyny görkezip, jebis türkmen halkynyň asuda we
abadan durmuşynyň kepili bolup durýan harby we hukuk tertibini ösdürmekde
saldamly goşant goşýan 4 sany harby gullukçy zenan «Ýylyň watançy zenany»
diýlip yglan edildi. Olar:
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Territorial goranyş goşunlary müdirliginden kapitan Gülnabat
Jumaýewa Jumagulyýewna;
Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Raýat goranyşy we halas ediş
müdirliginden uly leýtenant Maýsa Ataýewa Maksadowna;
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Raketa goşunlary we artilleriýa
müdirliginden kapitan Läle Akmyradowa Gurbandurdyýewna;
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlary müdirliginden
maýor Ysmaýylowa Hatyja Taganmämmedowna.
Biz hem
mukaddes borjy birkemsiz ýerine ýetirýän zenan harby gullukçylarymyzy mynasyp
bolan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Ýüzleriňizden ýylgyryş,
gözleriňizden bagtyň nury gitmesin, «Ýylyň watançy zenanlary!»
«Milli goşun».