Şu gün
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçi serkerdeleriniň hünär
taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak we harby
gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmak maksady bilen «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşiginiň
jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýeňijileri
kesgitlemegiň tertibine laýyklykda, dört şert boýunça geçirilen bäsleşigiň
deslapky tapgyrlary harby bölümlerde geçirildi we ýeňiji bolan terbiýeçi
serkerdeler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Jemleýji
tapgyrda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik, hünär
taýýarlyklaryny gowulandyrmakda, harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik
işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda
we döwrebap okuw tejribelerini ýaýmakda tapawutlanan terbiýeçi serkerdelere
mynasyp baha berildi.
Şeýlelikde,
bäsleşikde üç sany baýrakly orun kesgitlenildi. 1-nji orny Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary
müdirliginiň harby gullukçysy leýtenant Aýjeren Bazarowa 2-nji orny TGM-nyň Baş
üpjünçilik we tyl müdirliginiň harby gullukçysy kapitan Göwher Sopyýewa 3-nji
orny Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň harby gullukçysy leýtenant Guwanç
Allaberdiýew dagylar eýeledi. Birinji baýrakly orna mynasyp bolan terbiýeçi
serkerde «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» diýlip yglan edildi.
Ýeňijilere we
bäsleşige işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdelere Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
«Milli goşun».