Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçi
serkerdeleriniň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri
ýaýratmak we harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen yglan edilen «Ýylyň
terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýeňijileri
kesgitlemegiň tertibine laýyklykda dört
şert boýunça geçirilen bäsleşik mundan ozal rota, batalýon we garnizon
derejesinde geçirildi we ýeňiji bolan terbiýeçi serkerdeler bäsleşigiň jemleýji
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Jemleýji tapgyrda hem Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik, hünär taýýarlyklaryny gowulandyrmakda, harby
gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini
ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda we döwrebap okuw
tejribelerini ýaýmakda tapawutlanan terbiýeçi serkerdelere mynasyp baha
berildi.
Şeýlelikde, bäsleşikde üç sany baýrakly orunda 4
sany ýeňiji kesgitlenildi. 1-nji orna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin
hünärmenleri taýýarlamak müdirliginden kapitan Joraýewa Umyda, 2-nji orna Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlary müdirliginden
kapitan Hemraýewa Şagül, 3-nji orna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer
goşunlary müdirliginden kapitan Manzura Bibitowa we Harby-howa güýçleri we howa
hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginden kapitan Keýik Şirowa dagylar mynasyp
boldular. Bäsleşikde birinji orny eýelän terbiýeçi serkerde kapitan Joraýewa
Umyda «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» diýlip yglan edildi.
Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdelere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň suratlaryna «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».