5 – 6-njy
dekabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde
«Ýylyň harby psihology» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu
bäsleşik ýurdumyzyň iň ökde harby psihologlaryny kesgitlemäge we Ýaragly
Güýçlerimizde bu hünäriň ähmiýetini artdyrmaga mümkinçilikleri döredýär.
Harby
psihologlar harby gullukçylary dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge ruhy
taýdan taýýarlaýar, harby toparlarda dostluk gatnaşyklaryny saklamaga ýardam edýär,
harby gullukçylaryň psihologik ýagdaýyny seljerýär. Harby psihologlaryň
arasynda bäsleşigiň geçirilmegi olaryň hünär başarnyklarynyň kämilleşmegine
ýardam edýär.
Bäsleşigiň
şertleri boýunça psiholog serkerdeler 2019-njy ýylyň dowamynda öz harby bölümlerinde
geçirilen işler barada prezentasiýalar, deslapky hünär mowzuklary boýunça
nutuklar bilen çykyş etdiler, test soraglaryna jogap berdiler, öz
tejribelerinde ulanýan dikeldiş usullary barada gürrüň berdiler.
Milli
goşunymyzyň hemme harby bölümlerinde ýörite psihologiki kömek beriş we dikeldiş
otaglary döredildi. Olar ýumşak mebeller, aýdym diňlemek, wagyz-nesihat
işlerini geçirmek we wideoşekilleri görmek üçin ýörite enjamlar bilen üpjün
edilen. Harby psihologlar şahsy düzüm we esgerleriň ene-atalary bilen
ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýärler, psiholigiýa hepdeliklerini geçirýärler.
Harby
psihologlar tarapyndan esgerler üçin geçirilýän psihologiki testler uly
ähmiýete eýedir. Olaryň kömegi bilen esgerleri taýýarlamak boýunça teklipler
berilýär, terbiýeçi serkerdeler tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň
mazmuny kesgitlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar şahsy düzüm bilen işlemek üçin
taýýarlanan öz okuw gollanmalarynyň ýigrimiden gowragyny emin-agzalaryň
garamagyna hödürlediler.
Bäsleşikde
birinji orna we «Ýylyň harby psihology» adyna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri
üçin hünärmenleri taýýarlamak müdirliginiň psihology, maýor Aýna Rahmanowa
mynasyp boldy. Ikinji orny Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen
harby mekdebiň psihology maýor Nabat Nurgeldiýewa, üçünji orny Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň psihology kapitan Sona
Joraýewa eýelediler. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary
dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň suratlaryny
«Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.
«Milli goşun».