milli goshun logo
«Ýylyň harby psihology» bäsleşiginiň jemi jemlendi
«Ýylyň harby psihology» bäsleşiginiň jemi jemlendi
06.12.2018 1639 Harby özgertmeler

Harby gullukçylaryň, hususan-da, ýaş Watan goragçylarynyň aň-düşünjesine aralaşyp, olarda psihologiki durnuklylygy üpjün etmek, söweşe bolan gorkyny ýeňmäge ýardam etmek ýaly asylly işler Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki harby psihologlaryň öňünde durýan esasy wezipedir. Söweş pursatynda ýa-da söweş wagty golaýlanda goşunyň üstüne düşýän iň agyr ýüki, ýagny gorkudyr howsalany aýyrmak, esgerleri dartgynly ýagdaýdan halas edip, garşydaşa bolan psihologik rüstemligi gazanmak ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän söweşjeň ýörelgedir. Häzirki wagtda bu ýörelgäni Ýaragly Güýçlerimiziň harby psihologlary mynasyp dowam etdirýärler. Şonuň esasynda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby psihologlarynyň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, olaryň şahsy düzüm bilen işlemekde, psihologik düşünjeleri wagyz etmekde tejribelerini we harby gullukçylar bilen geçirilýän psihologik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen harby psihologlaryň arasynda ilkinji gezek «Ýylyň harby psihology» ady bilen bäsleşik geçirildi. Tapgyrma-tapgyr geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Merkezi serkerdeler öýünde guraldy. Bäsleşigiň netijelerine görä, Guryýer goşunlary müdirliginden kapitan Bazarowa Rozaý 1-nji orny, Raketa goşunlary we artilleriýa müdirliginden leýtenant Mahym Mämmedowa 2-nji orny, Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginden Jennet Bäşimowa 3-nji orny eýelediler.

Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan psiholog serkerdelere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

«Milli goşun»