19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar
Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar
11.01.2021 147 Habarlar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan halkara ders bäsleşigine gatnaşýar.

Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Türkmenistanyň toparyna Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli we takyk derslerde çuňňur düşünjeler bilen tapawutlanýan ýokary synp okuwçylarynyň 10-sy wekilçilik edýär.