Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän söweşjeň häsiýetli görkezme harby
türgenleşigini görmek maksady bilen, harby okuw türgenleşik merkezleriniň birine
geldi. Bu ýerde Belent Serkerdebaşymyzy Türkmenistanyň Goranmak ministri,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we degişli ýolbaşçylar garşy aldylar
hem-de harby okuw-türgenleşige gatnaşjak tehnikalar we olaryň düzümi bilen
tanyşdyrdylar. Nobatdaky harby türgenleşige Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Guryýer, Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-howa, Harby-deňiz we
«Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, şeýle hem
harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri
gatnaşdylar.