7-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda
öndürilýän ähli önümleriň «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» diýen haryt
nyşanynyň bolmalydygyny, Diýarymyzda geçirilýän ähli banketleriň we baýramçylyk
kabul edişlikleriniň diňe öz milli önümlerimiz bilen üpjün edilmelidigini
nygtady.
Biz indi geçirýän çärelerimizi ýurdumyzda öndürilen ähli zerur azyk önümleri bilen üpjün edip bilýän ösüş derejesine ýetdik diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.