29.09.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
ÝOKUMLY TAGAMLAR – HARBY GULLUKÇYLARYŇ SAGLYGYNYŇ GIREWI
ÝOKUMLY TAGAMLAR – HARBY GULLUKÇYLARYŇ SAGLYGYNYŇ GIREWI
21.08.2022 121 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň 150 orunlyk naharhanasynda ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhananyň we aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar üçin taýýarlanylýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri bilen gyzyklandylar.

Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde gurnalan häzirki zaman enjamlary hem-de aşpezleriň işlemegi üçin döredilen şertler naharlary taýýarlamak işlerini ýeňilleşdirýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna taýýarlanylan tagamlar görkezildi.