28-nji iýulda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasy bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýiti ýokanç keseliň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça häzirki ýagdaýyň syny meselesi boýunça brifing geçirdi.
Şeýle görnüşdäki birinji duşuşyk bilermenler jemgyýetçiliginiň we žurnalistleriň arasynda bu bilimleri giň jemgyýetçilige ýetirmek üçin ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky maglumatlaryň işjeň alynmagyny ýola goýmaga ýardam etmelidir. Ýeri gelende aýtsak, brifingi şu gün geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi tötänden däldir: 28-nji iýul wirus gepatitine garşy göreşmegiň Bütindünýä günüdir.
Onlaýn duşuşygynyň barşynda BMG-niň edaralarynyň wekilleri tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we onuň Ýewropa sebit býurosynyň hasabatlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi, Türkmenistanyň tejribesi seljerildi. Döwletimiz sebitde koronawirus ýokanjy bilen kesellemegiň haýsydyr bir ýagdaýlary barada tassyklanan maglumatlaryň ýüze çykarylmadyk ýeke-täk ýurtdur.