4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanun
taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji
çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda raýat-hukuk
gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny
bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly
birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Häzirki
wagtda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan
teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli
ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Mejlisiň
wekiliýeti Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament
Assambleýasynyň 32-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň
Mejlisiniň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy
gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri” atly ugurdaş çäre geçirildi.
Şeýle hem saparyň dowamynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa
boýunça ýörite wekili we Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri
bilen duşuşyklar geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň
talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow halkara we sebitleýin
maliýe-ykdysady guramalary, institutlary, daşary ýurt döwletleri bilen özara
bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bu babatda Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady
hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry
babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça
sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada
aýdyldy. Taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmak,
ekologiýa ýaly ugurlar boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle
hem onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly
taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara we
sebitleýin maliýe-ykdysady guramalarydyr institutlary bilen özara bähbitli
gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady
hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli taslamasyna ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen
bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Wise-premýer
hasabatyny dowam edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri, hususan-da, bu forumy ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda şu
ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu
halkara maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny
aýtdy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady
mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny
giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen,
döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol
çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek,
nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de netijeli özleşdirmek
boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçilige innowasion
tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet
berilýär. Munuň özi takyk maglumatlary almaga, guýularyň gurluşyny öwrenip,
oňyn çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer pudagy geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmek
bilen bagly taýýarlanylan degişli teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýerasty
gorlaryny gözlemek, gaz geçiriji ulgamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek
babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny has-da gowulandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy
tapgyrda dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da,
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, Mary
welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi geçirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja
ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilaty bu önümler bilen
bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda
olaryň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, ilata ýetirmek boýunça zerur çäreler
görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly kabul
ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegi, geljek ýylyň bugdaý
hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri
geçirmegi, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda,
hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi tarapyndan 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda awtomobil
ýollarynyň ösen ulgamyny döretmek, ýolgurluşyk işini ösdürmek, döwrebap, dünýä
standartlaryna laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça
amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň awtomobil ýollarynda
gurluşyk we abatlaýyş işleri dowam edýär. Şeýle hem agentligiň iş meýilnamasy
boýunça awtomobil köprüleriň gurluşyk-gurnama işleriniň guramaçylykly dowam
edýändigi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary
hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek
işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän ýolgurluşyk işleriniň öz wagtynda,
talabalaýyk durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan
beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper
halyçylyk kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady
bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan çig mallar
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Munuň özi
öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we
kämilleşdirmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli
işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen
bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini
döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak
arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen
ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen
gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy
bellenilmäge mynasypdyr. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak
muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag
işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet
muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa”
görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp
ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik
açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur
alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň
alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni
mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň
muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere halkymyzyň
medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek,
geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda şypahana dynç
alşyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanda şypahana
ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama”
laýyklykda, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn
işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
ýakyndan goldaw bermeginde şypahanalarda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar,
olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle hem
innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly
suw”, “Bagabat”, “Farap», “Baýramaly”, “Mollagara”, “Awaza”, “Daşoguz”
şypahanalarynda raýatlaryň ýokary hilli bejergi almaklary, saglygyny
dikeltmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň häzirki zaman şypahanalarynda
adamlaryň döwrebap dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere şypahana hyzmatlaryny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara guramalar bilen sanly
ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek
maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna
möhüm orun degişlidir. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga,
öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm
ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we
innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa
geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk»
agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda
hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna
zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.