«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uly dabaralar bilen bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilmek bilen, Watan gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertler yzygiderli döredilýär. Yhlas we tutanýerlilik bilen öz saýlap alan harby hünärine wepaly harby gullukçylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýörite Permanlarydyr Kararlary esasynda şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Şeýle hormata mynasyp bolanlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň aýdym-saz we tans toparynyň serkerdesi, podpolkownik Orazmuhammet Gündogdyýewdir.
– Watanymyzy, ýurdumyzy ösdürmek üçin her bir edilýän işleriň sarpasy Berkarar döwletimizde belentden tutulýar. Maňa hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada, şeýle-de «podpolkownik» diýen nobatdaky harby ada eýe bolmak nesip etdi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bildiren bu uly ynamyna jogap edip, mundan beýlägem döwlet serhedimiziň goragynda sak duran esgerlerimizi watansöýüjilige, mertlige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga çagyrýan aýdym-sazlar bilen ruhlandyrarys – diýip, Orazmuhammet Gündogdyýew gürrüň berýär.
Ýöne ýere «Goşunyň ruhy kuwwaty aýdym-sazdadyr» diýilmeýär. Şonuň üçin hem Ýaragly Güýçlerimizde aýdym-saza möhüm orun berilýär. Muny milli goşunymyzyň dürli düzümleriniň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň aýdym-saz topary tarapyndan taýýarlanýan joşgunly, watansöýüjilige ýugrulan aýdym-sazlar aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şoňa görä-de, biz hem şeýle jogapkärli işi üstünlikli alyp barýan serkerde Orazmuhammet Gündogdyýewi hormatly ady bilen gyzgyn gutlap, oňa geljekki işlerinde şowlulyklary arzuw edýäris.
«Milli goşun».