Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Çäräniň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.
Immunizasiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmakda we raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakda hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde jemlenýär.