Diýarymyzda Watan goragçylarynyň güni ýetip
gelýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň bosagasynda harby gullukçylar üçin täsin aýdym-sazly
dabaralar guralýar. Ýakynda şeýle çäre «Goramaly, bu Garaşsyz Watany» ady bilen
paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi.
«Gülzaman» medeni dynç alyş merkeziniň sahnasynda köpsanly
tomaşaçylar üçin zehinli harby gullukçylaryň çykyşlary guraldy. Olar öz aýdymlarynda
eziz Watanymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň
ýeten rowaçlyklaryny wasp etdiler.
Däp bolşy ýaly, bu medeni
dynç alyş merkezinde geçirilýän çäreler harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuny galkyndyrmaga,
Watana birkemsiz gulluk etmäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Çärä gatnaşyjylar
Watan goragçylary üçin ajaýyp gulluk we ýaşaýyş şertlerini döredip berýändigi
üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza öz çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Öz çykyşlarynda harby gullukçylar Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goragynda sak durjakdyklaryna, mukaddes
borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine kasam etdiler.
«Milli goşun».