Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda geçirilýän Ýeňiş ýörişi ýurdumyzyň dürli
künjeklerinden hormatly myhmanlary we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny
jemledi. Tomaşaçylaryň münberinde özüňi garaşylmadyk taryhy wakanyň şaýady bolýan
ýaly duýýarsyň. Ilki bilen, seni ozalky uruş döwrüniň keşpleri özüne çekýär –
şygarly gyzyl baýdaklar, gyzyl goşunyň esgerleriniň harby lybaslary, ýaş
esgerleriň elindäki şo-ol gadymy ýaraglar...
Dabaraly
pursat ýetip gelýär. Russiýa Federasiýasynyň wekili türkmen tarapyna Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, edermen we watançy esger Berdimuhamet
Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň
baýdagyny gowşurýar. Harby däp-dessur birkemsiz ýerine ýetirilýär. Bu bolsa taryhy
aýrylmaz baglanyşykly bolan ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlygynyň derejesini
ýene bir gezek açyp görkezýän waka boldy.
«Mukaddes
söweş» aýdymynyň sazy ýaňlanýar. Baýdakçylar topary «Halk hakydasy»
ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, rus
wekiliýeti tarapyndan gowşurylan baýdaklary, şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
mähriban atasyna berlen «Edermenligi üçin» medalyny çykarýarlar.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ýefreýtor Berdimuhamet Annaýew häzirki
wagtda ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň we borja wepalylygyň nusgasy
bolup durýar. Mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan öz ýurdunyň watançysy
ikinji Ukrain frontundaky söweşlere gatnaşdy. Berdimuhamet Annaýewiň söweşen
polky Beýik Watançylyk urşunyň taryhynda yz goýan Dnepr söweşinde hem
edermenlik görkezdi.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasynyň gulluk eden 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy, şeýle hem oňa gowşurylan Russiýa Federasiýasynyň «Edermenligi üçin» medaly şu günki Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen dabaraly harby ýörişine gatnaşan ähli türkmen esgerleriniň buýsanjyna öwrüldi. Ýeňiş baýdagy bolsa Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda janyny aýaman söweşen ähli halklara goýulýan hormatyň nyşany bolmagynda galýar.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».