Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen harby ýörişde Beýik
Watançylyk urşy ýyllarynda ulanylan harby enjamlar we söweş tehnikalary baýramçylyk
münberiniň öňünden geçdi. Bir wagtlar deňi-taýy bolmadyk gazaply söweş ulaglary
häzirki wagtda muzeý eksponatlaryna öwrülip galdylar. Emma hut şolaryň kömegi
bilen 1941 – 1945-nji ýyllarda batyrgaý gerçeklerimiz Beýik Ýeňşi gazandylar.
Ýöriş meýdançasyndan söweşijileri, ok-därileri we ýaraglary daşamak üçin
ulanylan GAZ-67B, ZIS-5, URAL-ZIS kysymly awtoulaglar geçdi. Sowet artilleriýasynyň
buýsanjy bolan meşhur «KATÝUŞA» hem münberiň deňinden geçdi. Ondan soň ýörişi
1942–1947-nji ýyllarda Gyzyl Goşunyň esasy ot açyjy güýji bolan T-34 tanky dowam
etdirdi.
Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişde
Sowet Soýuzyna ýeňiş getiren tehnikalaryň görkezilmegi dabara gatnaşan
myhmanlaryň hakydasynda uruş ýyllaryny janlandyrdy.
«Milli goşun».