04.06.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi
Ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi
23.01.2022 371 Habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirýän ylmy işler boýunça bäsleşigi yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen döredilen bäsleşigiň maksady ýurdumyzda ylmyň ösmegine, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmaga we iň möhüm, ähmiýetli hem talap edilýän ugurlarda gözleg işlerine itergi bermekdir.

Ýaş alymlaryň arasynda ylym işler boýunça bäsleşigine gatnaşmaga TYA-nyň, YGI-niň, senagat birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, uniwersitetleriň talyplary, magistraturanyň, aspiranturanyň we doktoranturanyň diňleýjileri, orta we ýörite orta mekdepleriň okuwçylary, şeýle hem işjeň ylmy iş bilen gyzyklanýan islendik hünärli ildeşlerimiz çagyrylýar.