Häzirki wagtda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine,
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge isleg
bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri amala aşyrylýar.
Ýaşlary harby bölümlerde we orta mekdeplerde harby bilime höweslendirmek üçin
köpçülikleýin wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Duşuşyklarda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdeleri ýaşlara Watan goragçysy diýen
mukaddes käriň olar üçin nähili giň mümkinçilikleri açýandygy barada gürrüň
berýärler. Şeýle-de, harby okuwçylaryň we harby talyplaryň tölegsiz azyk,
egin-eşik we goş üpjünçiligi ýaly köp sanly döwlet ýeňilliklerinden
peýdalanýandyklary nygtalýar. Harby hünärleri özleşdiren harby ýokary okuw
mekdepleriniň uçurymlaryna «leýtenant» harby ady dakylýar we milli goşunymyzyň
harby bölümlerinde wezipelere bellenilýär.
Wagyz-nesihat
çäreleri ýaşlary Watana wepalylyk bilen gulluk etmäge ruhlandyrýar we olaryň
geljekki hünärini saýlap almaga kömek berýär. Harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň okuw mekdeplerine nädip girmelidigi barada «Okuw ýyly» bölümimizde
has köp maglumatlary tapyp bilersiňiz!
«Milli goşun».