19.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýaşlar üns merkezinde
Ýaşlar üns merkezinde
25.05.2020 733 Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz umumy orta bilimiň kämilleşmegine, şol sanda Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň işiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýär. 13-nji maýda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäre munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Belli bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu harby mekdebe mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurdy. Ussat mugallym we edermen esger, öz topragynyň watançysy Berdimuhamet Annaýew harby okuwçylarymyz üçin ebedi görelde mekdebidir. Onuň adyny göterýän harby mekdep bolsa, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň geljekki serkerdelerini taýýarlaýan möhüm merkeze öwrüldi.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebi harby okuwçylary taýýarlamaga bolan çemeleşmesini yzygiderli kämilleşdirýär. Şu okuw ýylynda bu ýerde Innowasion tehnologiýalar we bilim merkezi döredildi. Bu merkez mekdep ýaşyndaky çagalar üçin ilkinji özboluşly oýlap tapyjylyk meýdançasy bolup durýar.

Şeýle-de, şu okuw ýylynda harby mekdepde harby okuwçylaryň gözýetiminiň has giňelmegine täsir eden taslama sergisi geçirildi. Harby mekdebiň okuwçylarynyň ýylyň-ýylyna «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň ýeňijileri bolýandygyny hem bellemek gerek. Munuň özi harby okuwçylaryň ýokary bilim derejesinden habar berýär.

Şeýlelik-de, Ýöriteleşdirilen harby mekdepler, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň orta bilimi ösdürmäge berýän aýratyn ünsi netijesinde ýaş nesillerimiziň döredijilik we intellektual mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin edilýän işlere goşant goşýarlar.

«Milli goşun».