29.09.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«ÝAŞLAR HER BIR IŞDE ÖŇBAŞÇY BOLMALYDYRLAR»
«ÝAŞLAR HER BIR IŞDE ÖŇBAŞÇY BOLMALYDYRLAR»
21.08.2022 140 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumy bilen tanyşlygyň barşynda harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň gulluk şertleri, isleg-arzuwlary hem-de boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary bilen gyzyklandylar.

Serhetçiler ýakyn geljekde ele almagy arzuw edýän hünärleri barada gürrüň berdiler. Hormatly Arkadagymyz we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim hem-de hünär taýýarlygy üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Bularyň ählisi ýaşlarda watansöýüjilik ruhuny berkitmekde, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýelemekde aýratyn zerurdyr.

Harby gullukçylar boş wagtlary aýdym-saz sungaty bilen meşgullanýandyklaryny gürrüň berdiler we Watanymyzy wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdiler.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň VII gurultaýynyň geçiriljekdigini, onda ýaşlar syýasatyna degişli birnäçe meselelere garaljakdygyny aýdyp, harby gullukçylaryň bu gurultaýa hödürlejek teklipleri bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ýaşlar her bir işde öňbaşçy bolmalydyrlar hem-de Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara işjeň gatnaşmalydyrlar. Gahryman Arkadagymyz şu mesele boýunça ýaşlar bilen duşuşandygyny we şonda ýaşlar tarapyndan birnäçe teklipleriniň beýan edilendigini aýtdy hem-de şu günki harby gullukçylaryň ýaşlar syýasaty bilen bagly teklipleriniň, isleg-arzuwlarynyň döwlet Baştutanymyza ýetiriljekdigini nygtady.

Güneşli ülkämiziň dürli künjeklerinden harby gullugy geçmäge gelen serhetçi esgerler ýokary derejeli gulluk ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar hem-de şöhratly pederlerimiziň Watana gulluk etmegiň asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.