Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Watansöýüji,
giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly
bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny
eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir» diýip belleýär. Şeýle uly
ynama mynasyp bolan ýaşlarymyz, şol sanda Watan goragçylarymyz jan aýaman,
gije-gündiz ýurt asudalygynyň goragynda sak durýarlar, belent hormata mynasyp
bolýarlar. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda Ýaragly Güýçlerimiziň
harby gullukçylarynyň – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby
gullukçylary – uly leýtenant Aýgözel Annamyradowa, leýtenant Atamyrat Berdiýew,
harby talyplar Güýç Gökow we Amangeldi Berdiýew dagynyň bolmagy aýratyn
buýsandyryjydyr.
– Bagtyň
nämedigine hemmämiz oňat düşünýäris. Biz harby gullukçylar üçin bolsa «bagt»
sözi bilen «Watan» sözi bir bolup eşidilýär. Çünki bagta eýlenen adamyň
kalbynda hyjuw, ýüreginde joşgun bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz
– Watan goragçylary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri şol bagtyň özeni
bolup durýar – diýip, leýtenant Atamyrat Berdiýew ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».