Düýn Mary şäheriniň Mary – Aşgabat
awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň
açylyş dabarasy bolup, ähli amatlyklary bolan iki gatly, kottej görnüşli
ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi.
Welaýatyň edara ediş merkeziniň
binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän täze ýaşaýyş jaý
toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy «Ojar Aziýa» hususy kärhanasyna ynanyldy.
Her jaýda täze göçüp gelen
maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk
ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, täze
jaýlarda saçaklar giňden ýazylyp, gelin we jaý toýlary tutuldy.
Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen
maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda
ýaşamagy ugrunda edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki ulanmaga berlen durmuş
maksatly desgalaryň döwletimiziň häzirki döwürdäki okgunly ösüşlerini
alamatlandyrýandygyny bellediler.