30.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýaş watançylaryň mekdep taslamalarynyň ilkinji sergisi
Ýaş watançylaryň mekdep taslamalarynyň ilkinji sergisi
06.12.2019 302 Harby Bilim

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Ministrligiň garamagyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okaýan harby okuwçylar tarapyndan taýýarlanan mekdep taslamalarynyň ilkinji sergisi geçirildi.

Çäre ýaş watançylaryň gözýetimini giňeltmek we olaryň ylma, oýlap tapyjylyga höwesini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Bu serginiň geçirilmegi däbe öwrülip, her ýyl geljekki Watan goragçylaryň arasynda täze zehinleri açmaga mümkinçilik döreder. Onlarça mekdep taslamalary serginiň köpsanly myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Has gyzykly eksponatlaryň hatarynda «akylly» öý we ýaşaýyş jaýynyň, ekzoskelediň düzüm birlikleriniň, gün energiýasy bilen işleýän deňiz gämisiniň, suwasty gäminiň we başga birnäçe taslamalaryň maketlerini agzamak bolar.

Sergide aýratyn üns harby okuwçylar tarapyndan işläp taýýarlanylan kompýuter programmalaryna berildi. Harby okuwçylaryň topary öz düzen intellektual oýunlaryny, kalendar programmasyny, programmirleme diliniň kömegi bilen döredilen wizual şekillerini görkezdiler. Esasanam, okuw prosesini sanly ulgama geçirýän programmalar sergä gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy.

Sergä Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary hem gatnaşdylar. Olar «akylly» öý tehnikasyny, mobil telefonlar üçin dürli programmalary, robototehnikany görkezdiler. Talyplar harby okuwçylar bilen ýakyn aragatnaşykda boldular, olara ylmy ulgamy boýunça birnäçe möhüm maslahatlary berdiler, şahsy tejribelerini paýlaşdylar.

Sergide harby okuwçylaryň döredijilik işleri hem görkezildi. Ýagny, zehinli suratçylaryň çeken portretleri, dürli binagärlik taslamalary we başga-da çeper eksponatlar ýaýbaňlandyryldy.                

Serginiň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».