milli goshun logo
Ýaş watançylar uruş weteranlaryny gutladylar
Ýaş watançylar uruş weteranlaryny gutladylar
09.05.2019 1506 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlap, olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

Uruş weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli mähirli gutlaglar we berk jan-saglyk arzuwlary aýdyldy. Tämiz, ak dabaraly harby lybasly harby okuwçylaryň bu asylly işlere şaýat bolan uruş weteranlarynyň töweregindäki garyndaşdyr goňşulary ýakymly täsirleriň astynda galdylar. Olar buýsanç bilen «Gahrymanlary şeýdip ýatlamaly, hormatlamaly. Berekella!» diýdiler.

Elbetde, iň uly sowgat – üns bermekdirÝaş watançylar durmuşynda dürli wakalary başdan geçiren Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen gyzykly gürrüňler etdiler. Çal saçly gahrymanlar tüýs atalary hökmünde ýaşlara Watanyny söýmek, kynçylyklara seretmezden, öz maksadyňa tarap gitmelidigi barada öwüt-nesihat berdiler:

«Siz iň ajaýyp döwürde, iň ajaýyp ýurtda ýaşaýarsyňyz. Şonuň üçin her bir pursatyň gadyryny bilip ýaşaň» diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Dmitriý Aleksandrow Aleksandrowiç harby okuwçylara ýüzlenip sözüni dowam etdi: «Men ömrümboýy «Türkmenistan – rowaçlygyň ýurdy» diýip aýdyp gelýärin. Şol sözler amal bolup, Watanymyz rowaç bolar ýaly men öz egindeşlerim bilen iň agyr ýyllarda göreşdim. Sizem şulary nusga edinip ýaşaň, bu barada geljekki nesillere-de aýdyň!».

Sowgat goşurylyş dabarasynyň fotosuratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».