Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby
mekdebinde Innowasion tehnologiýalar we bilim merkezi döredildi. Bu merkez mekdep
ýaşyndaky çagalar üçin ilkinji gezek açylan özboluşly oýlap tapyjylyk meýdançasy
bolup durýar.
Ol Harby institutyň Ýaş alymlar
geňeşiniň çäklerinde hereket eder. Bu ýerde okuw wagtyndan daşary harby
okuwçylar öz taslamalarynyň üstünde işläp, gyzyklanýan ylym bölümlerini
öwrenip, sergilere we ders bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlanyp bilerler.
Häzirki wagtda merkezde
programmalary düzmegiň üstünde işlemek, 3D modelleri ýasamak üçin häzirkizaman
güýçli kompýuterleri oturdylan. Ýakyn geljekde bu ýere täze ylmy enjamlaryň, robototehnikanyň
we tehnologiki derňewleri geçirmek üçin olaryň düzüm birlikleriniň döwrebap
täze tapgyryny almak meýilleşdirilýär.
Ýaňy-ýakynda Berdimuhamet Annaýew
adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýüzlerçe harby okuwçynyň
gözýetiminiň giňelmegine täsir eden mekdep taslamalarynyň sergisi geçirildi.
Indiki sergä olar has uly gyzyklanma bilen taýýarlyk görerler, täze Innowasion
tehnologiýalar we bilim merkezi bolsa olara bu babatda uly kömek eder.
– Biziň harby okuwçylarymyz dürli
programmirleme dillerini bilýärler, olaryň radiotehnikadan we elektronikadan
gowy başy çykýar. Köpüsi «Awiamodel» we «Ýaş radiotehnik» ýaly ýöriteleşdirilen
gurnaklara işjeň gatnaşýarlar. Harby okuwçylarymyzyň höwesini görüp, biz olaryň
ylma we tehnologiýalara bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak üçin ähli
mümkinçilikleri döredýäris – diýip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji
Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary
maýor O.Amantaganow habarçymyza gürrüň berdi.
«Milli goşun».