12-nji iýunda şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň
arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy
boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi
Watanymyzyň ylmynyň ösdürilmegine, türkmen alymlarynyň ýaş nesliniň ylmy-barlag
işleriniň giňeldilmegine, ýaşlaryň halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlaryna
gatnaşmagynyň höweslendirilmegine ýardam edýär.
Emin agzalary hödürlenen işleriň nazaryýet
taýdan wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmek we
önümçilige ornaşdyrmak zerurlygy nukdaýnazaryndan möhümdigi ýaly birnäçe
ugurlaryň esasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň 46-syny kesgitlediler.
Şu gezekki bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan neşir edilýän
«Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly ýygyndyda çap
ediler.