milli goshun logo
Ýaş nesiller ata-babalarymyzyň edermenlikleri bilen tanyşdylar
Ýaş nesiller ata-babalarymyzyň edermenlikleri bilen tanyşdylar
07.05.2019 1356 Harby özgertmeler

Ýetip gelýän Ýeňiş güni mynasybetli biziň ýurdumyzda ýaş watandaşlarymyzy ata-babalarymyzyň taryhy we olaryň edermenlikleri bilen tanyşdyrmak üçin dürli çäreler guralýar. Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary üçin «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýine guralan gezelençdir.

Harby okuwçylar muzeýiň harby taryha degişli bölümlerine aýlandylar. Geljekki serkerdeler bu ýerde ýerleşen Gökdepe galasynyň goragçylaryna we 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan edermen ata-babalarymyza bagyşlanan ýadygärlikler bilen içgin tanyşdylar. Harby okuwçylar muzeýde bar bolan söweşjeň we sowuk ýaraglaryň asyl nusgalaryny, arhiw dokumentlerini we fotomateriallaryny synladylar. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň serkerdeleri olara görkezilen ýaraglaryň ulanylyşy barada we Watan üçin janyny orta goýan merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylykly söweş ýollary barada gürrüň berdiler.

«Ata-babalarymyzyň edermenlikleri biziň üçin hemişe watançylyk we ahlak çelgisi bolar» diýip, gezelenje gatnaşan harby okuwçy – Kerimberdi Annagulyýew aýtdy. Ol sözlerini şeýle dowam etdi: «Has-da ähmiýetlisi, biziň harby mekdebimiziň adyny göterýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň gerçekligi we batyrlygy bolup durýar. Onuň durmuşy biz üçin watançylygyň we belent borja wepalylygyň nusgasydyr».

«Milli goşun».