«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyny mynasyp
garşy almak mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde «Türkmen dili we
edebiýaty» hepdeliginiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 11-16-njy fewraly aralygynda
ýaş kitapsöýerler üçin çäre geçirildi. Çärede kitap sergisi, gyzykly
bäsleşikler, oýunlar, ekran görkezmeleri, diwarlyklar, synp bezegleri,
tanyşdyryş çäreleri we döredijilik duşuşyklary geçirildi. Geçirilen çäräni
Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen
harby mekdebi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat
şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň kitaphana bölümi we Dünýä
edebiýaty žurnaly bilelikde gurnadylar.
Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 9-njy
noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren
tabşyryklaryna eýerip harby mekdepde kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak,
harby okuwçylary kitap okamaga höweslendirmek we olaryň giň dünýägaraýyşly
bolmagyna ýardam bermek maksady bilen kitabyň jemgyýetimizdäki orny giňden
wagyz edildi.
«Milli goşun».