milli goshun logo
Ýaş esgerleriň harby gullukdaky ilkinji günleri
Ýaş esgerleriň harby gullukdaky ilkinji günleri
22.05.2019 2546 Harby özgertmeler

Şu günler ýazky çagyryş möwsüminiň çäklerinde harby wekillikler tarapyndan ugradylan Ýaragly Güýçlerimiziň ýaş esgerleri harby bölümlere gelip gowuşýarlar. Egnindäki harby lybaslar olary has-da syratly edip görkezýär. Olaryň nyzam ýörişleri gün-günden kämilleşýär. Harby hünäre degişli dürli kitaplardyr düzgünnamalar bilen tanyşýarlar.

«Ýaş esgerler nyzamda ýaragly we ýaragsyz hereket etmek boýunça türgenleşdirilýär. Her gün irdenki maşklar arkaly beden taýýarlygy kämilleşdirilýär. Günüň dowamynda olar düzgünnamalary öwrenýärler, atyş taýýarlygyny geçýärler, sebäbi olar ilkinji günlerinden başlap ýaraga erk etmegi we oňa jogapkärçilikli garamagy başarmaly» diýip, biziň habarçymyza şahsy düzümi kabul ediş nokadynyň rotasynyň serkerdesi kapitan Pirnepes Gurbanow belläp geçdi.

Mahlasy, harby bölüme gelmezden ozal hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gurup ulanmaga beren sport we türgenleşik merkezlerinde bedenini berkiden ýigitler Watan goragynda synmaz gala bolarlar. Şonuň üçinem ir bilen turmak we türgenleşmek olara hiç hili kyn düşmeýär. Nyzam taýýarlygy geçýän mahalynda ýaş esgerler gullukdaşlary bilen bir bitewi hereket etmekligi öwrenýärler.

Öz durmuşynda birinji gezek ellerine ýarag alyp, Watan goragçysy adyna eýe bolan ýaş esgerleriň kalplary watançylyk duýgularyna beslenýär. Olar awtomatlary dogry saklamagy, ony atyş ýagdaýyna getirmegi we beýleki inçe tilsimlerini ele alýarlar. Çagyryş boýunça harby gullugyň dowamynda olara ençeme atyş taýýarlyklary garaşýar.

«Milli goşun».