23-nji sentýabrynda Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
harby bölüminiň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.
Harby bölümiň açylyş dabarasy merdana watan goragçylaryny, il sylagly
ýaşululary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Täze harby bölümiň ulanylmaga berilmegi – ýurdumyzyň parahatçylygyny üpjün
edýän gerçekleriň ýaşaýyş we gulluk şertleriniň has-da kämilleşdirilmegi
diýmekdir. Watan öz ogullarynyň aladasyny edýär, olar bolsa Watan öňündäki
borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.
Balkanabat şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan harby bölüminiň täze binalar
toplumynda döredilen şertleriň bu ýerde mukaddes gulluk borjuny berjaý edýän
harby gullukçylary täze üstünliklere ruhlandyrandygy ikuçsyzdyr. Çünki giň,
arassa we ýagty esger ýatakhanasyny, gapysyndan ätlän badyňa ýokumly we tagamly
naharlaryň ýakymly ysy burnuňy sypap geçýän naharhanany, Galkynyş otagyny,
döwrebap sport meýdançasyny göreniňde, umuman, bu harby bölümde döredilen
şertler bilen tanşanyňda olaryň buýsanjyna şärik bolýarsyň.