Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 2 gatly 200
orunlyk esgerler ýatakhanasy açylyp ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasy şowhunly çykyşlar bilen
utgaşdy. Dabara harby gullukçylar, il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat
işgärleri gatnaşdylar. Joşgunly aýdymlardyr tanslaryň ýerine ýetirilmegi toý
şatlygyny artdyrdy. Çykyş edenler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde şeýle
ajaýyp mümkinçilikler bilen üpjün edilen döwrebap binanyň ulanylmaga berlendigi
üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Soňra dabara
gatnaşyjylar binanyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Bu ýerde giň hem-de
ýagty Galkynyş otagy, serkerdeleriň iş otaglary, durmuş taýdan hyzmat ediş
otaglary, dellekhana, goş saklanylýan ýörite otag bolup, olarda zerur bolan
ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Dabaranyň ahyrynda harby gullukçylaryň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda,
giňden ýazylan toý desterhanynyň başynda täze binalaryň açylmagy mynasybetli
toý sadakasy berildi. Döwrebap binanyň açylyş dabarasyna gatnaşan harby
gullukçylar döredip berýän şeýle mümkinçilikleri, Watan goragçylary hakynda
edilýän irginsiz aladasy üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini
aýdyp, harby borçlaryny mundan beýläk-de ýerine ýetirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman,
ak ýürek bilen birkemsiz gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.